Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.
Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.
Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.