Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 17:2 - Mukaddes Kitap

2 Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Маңа ынанян пес гөвүнлилериң бириниң гүнә этмегине себәп боланындан, бойнундан бир дегирмен дашы асылып, деңзе ташлананы онуң үчин хас оңат болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 17:2
13 Iomraidhean Croise  

Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar.


Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.


Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!


Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan