Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 17:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса шәгиртлерине шейле дийди: «Адамлары гүнә дучар эдйән затларың гелмеги гутулгысыздыр, эмма бу затларың гелмегине ярдам берйән адамың дат гүнүне!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 17:1
14 Iomraidhean Croise  

Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan