Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 16:9 - Mukaddes Kitap

9 Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Сизе шуны айдярын: өзүңизе дост газанмак үчин дүнйәниң байлыгыны уланың, бу мал-мүлк гутаранда болса, сиз эбеди галҗак месгенлере кабул эдилерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 16:9
28 Iomraidhean Croise  

Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.


Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň.


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.


Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar?


Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».


Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.


Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan