Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бай оны янына чагырып: „Сен хакда эшидйән затларым нәме? Иш доландырышың бабатда хасабат бер, себәби сен мундан бейләк мениң иш доландырыҗым болуп билмерсиң“ диййәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 16:2
23 Iomraidhean Croise  

her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler.


Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler.


Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn.


Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris.


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Käbir adamlaryň günäleri göz-görtele bolup, olar kyýamat gününden öň äşgärdir. Käbirleriniň günäsi bolsa wagtyň geçmegi bilen äşgär bolýar.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


Emma dirileriň hem, ölüleriň hem üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa olar hasabat bererler.


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan