Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 15:7 - Mukaddes Kitap

7 Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Сизе шуны айдярын: шунуң ялы тоба эден еке гүнәли үчин гөкде болҗак шатлык тоба мәтәч дәл тогсан докуз догры адам үчин болҗак шатлыкдан хас улы болар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 15:7
13 Iomraidhean Croise  

Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.


Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem has köp begener.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“ diýer.


«Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi bar eken. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi?


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan