Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 14:11 - Mukaddes Kitap

11 Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Өзүни ёкары тутян адам песелдилер, пес тутян болса бейгелдилер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 14:11
24 Iomraidhean Croise  

Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.


Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudyny edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.


Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.


Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.


Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.


Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.


Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy, öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar.


Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».


Pukara dogan Hudaýyň nazarynda özüniň baýlygy bilen buýsansyn.


Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan