Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.
Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar.