Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalyk ruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla dikelip bilmeýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Ол ерде он секиз йыл бәри ичинде хассалык рухы болан били бүкүк бир аял барды. Ол ики эпленип, асла дикелип билмейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 13:11
20 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.


Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.


Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.


Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi.


Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.


Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».


Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.


Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy.


Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.


Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar.


Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan