Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 12:5 - Mukaddes Kitap

5 Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Мен сизе кимден горкмалыдыгыңызы айдайын: өлдүренден соң довзаха зыңмага гүйҗи етйән Худайдан горкуң. Хава, сизе айдярын, Ондан горкуң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 12:5
16 Iomraidhean Croise  

Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar.


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Ägä boluň! Men hemme zady size öňünden aýtdym.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Hawa, diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan