Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эй, достларым, Мен сизе шуны айдайын: бедени өлдүрйән, эмма ондан соңра хич зат эдип билмейәнлерден горкмаң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 12:4
20 Iomraidhean Croise  

Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr.


Şeýlelik bilen, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýen söz amala aşdy. Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy.


Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan