Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Сизи синагогалара, ёлбашчыларың, хөкүмдарларың хузурына гетиренлеринде, өзүңизи нәхили гораҗакдыгыңызы ве нәме дийҗекдигиңизи гайгы этмәң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 12:11
14 Iomraidhean Croise  

Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?


Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz?


Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.


Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň.


Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».


Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan