Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шол вагт мүңлерче адам үйшүп, бири-бирлерине гысылышып дурдулар. Иса илки билен Өз шәгиртлерине гүррүң бермәге башлады: «Өзүңизи фарисейлериң хамырмаясындан, ягны икийүзлүликден гораң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 12:1
18 Iomraidhean Croise  

Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun?


Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Waý halyňyza! Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlar bilmezden şeýle mazarlaryň üstünde gezýändirler».


Eý, ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykaryp bilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykaryp bileňzok?


Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi.


Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy.


Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan