Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.