Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол өйде галып, оларың беренлерини ийип-ичиң, себәби ишчи өз хакына мынасыпдыр. Өйден-өе гөчүп йөрмәң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:7
18 Iomraidhean Croise  

Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr.


Isa ýene olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz şol öýde boluň.


Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň dilän parahatlygyňyz onuň üstüne iner, ýok bolsa-da, ýene özüňize dolanar.


Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Janypkeş daýhan hem öz hasyl paýyny ilkinji bolup almalydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan