Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň dilän parahatlygyňyz onuň üstüne iner, ýok bolsa-da, ýene özüňize dolanar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ол өйде парахатлыгы сөййән адам бар болса, сизиң дилән парахатлыгыңыз онуң үстүне инер, ёк болса-да, ене өзүңизе доланар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:6
11 Iomraidhean Croise  

Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Öýüňiz abadan bolsun!“ diýiň.


Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!


Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan