Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Гидиң! Ине, Мен сизи мөҗеклериң арасына гузулар кимин ёллаярын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:3
14 Iomraidhean Croise  

Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň.


Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan