Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Сизи диңлән Мени диңләр, сизи рет эден Мени рет эдер. Мени рет эден болса Мени Иберени рет эдер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:16
17 Iomraidhean Croise  

Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder.


Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir.


«Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.


Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.


Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir.


Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».


Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan