Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:15 - Mukaddes Kitap

15 Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Эй, Капернаум! Сен арша гөтерилерин өйдйәрсиңми? Ёк, сен довзаха ташланарсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:15
20 Iomraidhean Croise  

Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler.


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Babyl göklere çyksa-da, galasyny belent ýerde berkitse-de, Men üstüne ýok edijini ýollaryn».


seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.


Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.


Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň.


Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar.


Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.


Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.


Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.


Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.


Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan