Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:14 - Mukaddes Kitap

14 Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Эмма кыямат гүни сизиң ягдайыңыз Сур билен Сидоның ягдайындан хас бетер болар!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:14
10 Iomraidhean Croise  

Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan