Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 10:11 - Mukaddes Kitap

11 „Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 „Шәхериңизде аягымыза япышан тозаны-да сизе гаршы какярыс. Эмма шуны билиң: Худайың Шалыгы голайландыр!“ дийиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 10:11
16 Iomraidhean Croise  

Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.


Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.


Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Emma başga bir şähere baranyňyzda, kabul edilmeseňiz, onuň köçelerine çykyň-da, olara:


Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Indi habardar boluň, pygamberleriň bu aýdanlary başyňyza gelmesin:


Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.


Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan