Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Бир гүн Зекаря өз топарының нобатчылык гезегинде, Худайың хузурында руханылык хызматыны берҗай эдйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:8
16 Iomraidhean Croise  

Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy.


Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.


Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar.


Öz şäherleriniň açyk meýdanlarynda ýaşaýan Harunyň neslinden bolan ruhanylara ýokarda ady agzalan adamlar her erkek ruhana we her bir hasaba alnan lewä paý bermelidiler.


Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.


Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et.


Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.


Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.


Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun.


Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.


Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan