Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň.
Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.
Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.