Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эмма Элизабетиң өнелгесиздигине гөрә, оларың перзенди ёкды. Оларың икиси-де эййәм гаррылык яшына етипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:7
16 Iomraidhean Croise  

Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.


Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary birçene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.


Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.


Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.


Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.


Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi.


Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi.


Ol ýaşynyň ýüze golaýlap, bilinde kuwwatynyň galmandygyna, Saranyň önelgesizdigine garamazdan, imanynda gowşamady.


Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.


Elkananyň Hanna hem-de Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannadan perzent bolmaýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan