57 Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy.
57 Элизабетиң айы-гүни долуп, бир огул догурды.
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.
Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.
Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar.