Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:53 - Mukaddes Kitap

53 Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

53 Ачлары нәз-ныгматдан дойруп, байлары болса бош гайтарды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:53
21 Iomraidhean Croise  

Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!


Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».


Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».


Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.


Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.


Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.


Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan