Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:51 - Mukaddes Kitap

51 Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy, öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

51 Ол гүйҗи билен бейик ишлери амала ашырды, өвүнҗеңлери оларың әхли ички пикирлери билен даргатды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:51
32 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler.


Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.


Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.


Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.


Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


«Men seni milletler arasynda kiçelderin, ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan