Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:43 - Mukaddes Kitap

43 Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

43 Реббимиң энеси мениң яныма гелер ялы, мен нәдип бейле ялкандымкам?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:43
15 Iomraidhean Croise  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.


Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr!


Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.


Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan