Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:30 - Mukaddes Kitap

30 Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Перишде оңа йүзленип: «Горкма, Меръем, сен Худайың назарында мерхемет тапдың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:30
13 Iomraidhean Croise  

Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!


Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan