Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.
Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.