Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Эмма перишде оңа шейле дийди: «Эй, Зекаря, горкма, себәби сениң Худайдан эден дилегиң кабул болды. Аялың Элизабет саңа бир огул догруп берер, сен онуң адына Яхя дакарсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:13
27 Iomraidhean Croise  

Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz.


Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn.


«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.


Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan-şöhrat ber Sen Özüňe!


Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara.


Onsoň men pygamber aýal bilen ýatdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maher-şalal-haşbaz dak.


Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.


Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar.


Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň.


Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi.


Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan