Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Хорматлы Теофил! Энчеме адамлар арамызда болуп гечен вакаларың тарыхыны язмага гиришдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 1:1
13 Iomraidhean Croise  

Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp saýýandyr, käbirleri bolsa hemme günleri deň görýändir. Goý, mundan beýlägem her kim öz ynanjyna görä pikir edibersin.


Ol Hudaýyň Öz beren wadasynda tapyljakdygyna doly ynandy.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan