Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 9:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3-4 Ысрайыл халкына-да айт, гой, олар хем гүнә гурбанлыгы үчин бир эркеҗи, якма гурбанлыгы үчин хем шикессиз биряшар гөләни ве гузыны Реббиң хузурында гурбанлык эдип берерлери ялы, саламатлык гурбанлыгы үчин бир өкүзчәни, бир гочы ве зейтун ягына гарылан галла садакасыны гетирсинлер, чүнки бу гүн Реб сизе гөрнер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 9:3
22 Iomraidhean Croise  

Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar.


Olar aýallaryny aýyrjakdyklaryna ant içip, ýazyklary üçin sürüden bir goç alyp, ýazyk gurbanlygyny berdiler.


Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.


Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Onsoň Musa günä gurbanlygynyň erkejini sorady, görse, ol eýýäm ýakylan eken. Muňa Musanyň gaty gahary gelip, ol Harunyň aman galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi:


Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin.


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin.


Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.


Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan