Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 4:2 - Mukaddes Kitap

2-3 «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2-3 «Ысрайыл халкына айт: „Кимде-ким Мен Реббиң сизе берен буйрукларымы төтәнден бозуп, гүнә этсе, шейле-де башына яг гуйлуп сайланан баш руханының өзи гүнә иш эдип, халкы языклы этсе, онда ол шикессиз бир өкүзчәни өлдүрип, оны Реббе гүнә гурбанлыгы хөкмүнде хөдүр этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 4:2
18 Iomraidhean Croise  

Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.


Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.


Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin.


Reb Musa şeýle diýdi:


Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.


özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn.


Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.


Kakasynyň halka ant içirendiginden Ýonatan bihabardy. Ol elindäki hasasynyň ujuny bala batyryp, agzyna ýetirende, onuň gözleri ýalpyldap gitdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan