Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 3:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3-4 Сиз саламатлык гурбанлыгындан бар ичяглары хем-де гарын ичегелериң дашындакы бар ягы, билдәки ики бөвреги дашының ягы билен, багрың йүзүндәки яг пердесини бөвреклер билен биле алып, олары Реббе от үсти билен берилйән гурбанлык пайы хөкмүнде хөдүр эдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 3:3
25 Iomraidhean Croise  

Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.


Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.)


Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Soňra malyň eýesi gurbanlyk janlysyny böleklesin. Ruhany bolsa ol bölekleri janlynyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýanyp duran otda goýsun.


Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar.


Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Baş ruhany bu malyň ýagyny-da edil salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen öküziň ýaglarynyň alnyşy ýaly alyp, olary ýakma gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.


Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr.


Emma Harun günä gurbanlygy üçin berlen malyň ýagyny, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini gurbanlyk sypasynda ýakyp, Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdi.


Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär.


„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Üstesine-de, gurbanlyk malyň ýagy heniz ýakylmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan