Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Берйән садакаңыз саламатлык гурбанлыгы болуп, сиз улы мал өлдүрмекчи болсаңыз, онуң өкүз я сыгырдыгының пархы ёк, ол шикессиз мал болмалыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 3:1
29 Iomraidhean Croise  

Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi.


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.


«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.


Ýedi gün tamamlanandan soň, sekizinji günden başlap, ruhanylar gurbanlyk sypasynda ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryňyzy hödür ederler. Onsoň Men sizden razy bolaryn“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Özlerini günäden saplamak üçin Ysraýylyň örülerinde bakylýan sürüden iki ýüzden bir goýny galla sadakasy, ýakma we salamatlyk gurbanlyklary hökmünde bersinler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.


Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.


Harun halk üçin salamatlyk gurbanlygy hökmünde berilýän öküziň we goçuň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gany onuň ýanyna getirdiler. Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,


Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.


Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.


Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan