Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 26:1 - Mukaddes Kitap

1 Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Өзүңизе бутлар ясамаң, хейкеллер ве улы дашлар дикмәң. Сежде этмек үчин юрдуңызда ойма даш дикмәң. Худайыңыз Реб Мендирин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 26:1
30 Iomraidhean Croise  

Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Olar öz ýurtlaryndan Rebbiň kowup çykaran milletleriniň adatlaryna we Ysraýyl patyşalarynyň çykaran adatlaryna eýerdiler.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn.


ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan