Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эгер сиз тамдырда япылан петири садака бермекчи болсаңыз, онда ол сайлама бугдай унундан биширилен, зейтун ягына югрулан, хамырмаясыз күлчелер я-да оҗакда биширилен, йүзүне зейтун ягы чалнан челпеклер болсун.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 2:4
21 Iomraidhean Croise  

Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler.


Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy.


Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.


Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.


Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan