Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Онсоң галла садакасы Харуның огулларына – руханылара гетирилип берилсин. Руханы зейтун ягына гарылан сайлама бугдай унундан бир гошавуҗыны, якымлы ыслы түтетгиниң барыны алып, олары гурбанлык сыпасында яксын. Реббиң ёлуна от үсти билен берлен бу садака пайының ысы Оңа якымлыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 2:2
17 Iomraidhean Croise  

Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.


Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.


Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda durzup, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn.


Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan