Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 16:8 - Mukaddes Kitap

8 Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Онсоң Харун ики эркеч үчин биҗе атсын: бир эркеч Реббе гурбанлык хөкмүнде хөдүрленсин, бейлекиси болса гүнә алып гидйән эркеч болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 16:8
12 Iomraidhean Croise  

Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.


Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.


Mülk hökmünde ysraýyl tireleriniň arasynda paýlamaly ýurduňyz şudur, bular olaryň paýlary bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn.


Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir.


Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.


Harun Rebbe hödür edilmeli erkeji getirip, günä gurbanlygy hökmünde hödürlesin.


Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn.


Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan