Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Руханы онуң эндамындакы дери кеселини барласын. Эгер дериниң кеселли ериниң гыллары агарып, ол дериден ашак гечен болса, онда бу дери кеселидир. Руханы дери кеселлини гөзден гечиренден соң, оны харам дийип ыглан этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 13:3
29 Iomraidhean Croise  

Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.


Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz.


Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr.


«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.


Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir.


Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn.


Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir.


Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun.


Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr».


Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakynda sora.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler».


Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan