Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң Муса Харуна: «Ине, бу Реббиң: „Хызматымы эдйән руханылар Мениң мукаддеслигиме хормат гоймалыдырлар. Бүтин халк Мени шөхратламалыдыр“ диени шудур» дийди. Харун сесини чыкармады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 10:3
46 Iomraidhean Croise  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi.


Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.


Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et.


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.


Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


«Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.


Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.


Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.


Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan