Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 10:2 - Mukaddes Kitap

2 Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Реббиң хузурындан дуйдансыз от гелип, Харуның огулларыны якып күл этди ве олар Реббиң хузурында шол бада җан бердилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 10:2
25 Iomraidhean Croise  

Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.


Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr.


Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.


Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi.


Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».


Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.


Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.


Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Olar öňe çykyp, Musanyň aýdyşy ýaly, olary köýneklerinden tutup, düşelgäniň daşyna çykardylar.


Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy.


Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler.


Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan