Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бир гүн Харуның огуллары Надап билен Абыху күл атарларыны алып, оңа көз салдылар ве онуң үстүне якымлы ыслы түтетгини гоюп, оны Реббиң хузурына элтдилер. Эмма бу от мукаддес дәлди, чүнки Реб оны олара хөдүрләң дийип табшырык бермәнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 10:1
38 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.


Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.


Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.


Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».


Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.


Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.


Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.


Hudaýymyz Rebbe berjek gurbanlygymyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi.


Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Onsoň aýallarynyň başga hudaýlara tütetgi ýakýanyny bilýän ähli erkekler, ol ýerde duran ähli aýallar, uly jemagat – Müsür ýurdundaky Patrosda ýaşaýan tutuş halk Ýermeýa şeýle jogap berdiler:


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin.


Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».


Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler.


«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan