Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Малың гарын ичегелери ве аяклары сува ювулсын. Руханы болса буларың хеммесини гурбанлык сыпасында яксын. Реббе тутушлыгына от үсти билен берилйән бу якма гурбанлыгының ысы Оңа якымлыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 1:9
35 Iomraidhean Croise  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,


Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.


Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!


Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.


Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.


Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy.


Harun garyn-içegeleri we aýaklary ýuwup, olary ýakma gurbanlygy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýakdy.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.


Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.


Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan