Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Руханы Харуның огуллары гурбанлык сыпасының үстүнде одун өрүп, от яксынлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 1:7
11 Iomraidhean Croise  

Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.


Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekledi-de, olary odunlaryň üstünde goýdy. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýdi.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi.


Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,


Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Reb Musa şeýle diýdi:


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan