Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Соңра өкүзчәниң эеси Реббиң хузурында онуң дамагыны чалсын. Харуның огуллары – руханылар болса, онуң ганыны Реббе хөдүр эдип, оны Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы гурбанлык сыпасының чар тарапына серпсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 1:5
25 Iomraidhean Croise  

Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular.


Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý.


Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.


Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur.


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna akdyrsyn.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.


Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ol elini günä gurbanlygy üçin berilýän janlynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.


Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä gurbanlygy hökmünde onuň damagyny çalsyn.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?


Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.


Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Bir öküzi gurbanlyk berenlerinden soň, olar çagany Eliýiň ýanyna alyp bardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan