Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Якма гурбанлык берйән малың эеси, онуң келлесине элини гойсун ве Худай ол малы сизи гүнәлериңизден саплаян гурбанлык хөкмүнде кабул эдер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 1:4
44 Iomraidhean Croise  

Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.


Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar.


Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar.


Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar.


Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Özlerini günäden saplamak üçin Ysraýylyň örülerinde bakylýan sürüden iki ýüzden bir goýny galla sadakasy, ýakma we salamatlyk gurbanlyklary hökmünde bersinler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.


Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.


Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.


«Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler.


Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ol elini günä gurbanlygy üçin berilýän janlynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä gurbanlygy hökmünde onuň damagyny çalsyn.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».


Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular.


Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.


Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.


Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».


Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.


Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.


Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan