Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Lewiler 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Сиз гара малы якма гурбанлык берсеңиз, малыңыз шикессиз өкүзче болсун. Реббиң бу гурбанлыгы сизиң адыңыздан кабул эдери ялы, сиз бу якма гурбанлыгыны Реббе йүз тутулян чадырың агзына гетириң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Lewiler 1:3
79 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.


Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.


Halkyň getiren ýakma gurbanlyklarynyň sany ýetmiş öküz, ýüz goç we iki ýüz guzudy. Bularyň bary Rebbe ýakma gurbanlygyny bermek üçindi.


Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.


Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.


Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.


Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç;


Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler.


Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy.


Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.


Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.


Mundan başga-da olara şuny tabşyr: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.


Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.


Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.


Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.


Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn.


Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


«Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa,


Reb Musa şeýle diýdi:


Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.


Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.


Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.


Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,


«Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň.


Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.


Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.


Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan