Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi.
Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.
Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.
Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi.
Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi.
Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.